Wengriýanyň Premýer-ministri Türkmenistana sapar bilen geler

SalamNews

Prezident Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana şanly 60 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

— Biz Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara ýokary üns berýäris. Ýakyn günlerde Aşgabatda geçirjek gepleşiklerimiziň netijeli boljakdygyna we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynanýaryn — diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Premýer-ministr Wiktor Orbana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, şeýle hem Wengriýanyň halkynyň öňe gitmegine, gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana şanly 60 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

— Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýar. Soňky döwürde biziň hyzmatdaşlygymyzyň işjeňleşýändigini bellemek isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, Siziň ýakyn wagtda Türkmenistana amala aşyrjak saparyňyzyň türkmen-wenger hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynanýaryn — diýip, Milli Liderimiz gutlag hatynda belleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Wiktor Orbana berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli başlangyçlarynda üstünlik arzuw etdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews