«Volkswagen» düýbünden täzelenen awtoulagyny köpçülige hödürledi

SalamNews

23 Sentýabr, 2023

«Volkswagen Tiquan»-yň düýbünden täzelenen üçünji nesli hödürlendi. Täzelenen «Tiquan»-yň tehniki goşmaça aýratynlyklary mälim edildi.

«Volkswagen»-iň üçünji nesli bolan «Tiguan» modeli häzirki wagtda Ýewropa bazary üçin hödürlendi. Täzelenen awtoulagyň görnüşiniň «ID.4» modeli bilen meňzeşligi bolsa köpçüligiň ünsüni özüne çekdi. Bu model «MQB Evo» platformasynda öndürildi.

Bu model güýçlendirilen turbo görnüşli hereketlendiriji bilen, şeýle hem 48 woltlyk batareýa bilen üpjün ediler. Bu tehnologiýa awtoulaga ýokary derejede işlemäge mümkinçilik berýär.

Täze nesil «Tiquan» Ýewropada iki görnüşli dürli hereketlendirijisi bilen hödürlenýär. Bu hereketlendirijileriň umumy güýji 210 we 268 at güýji diýlip yglan edildi. Bu modellerde 19,7 kWt sagat batareýa hem ulanylar, bu bolsa ulagy elektrik doly ýagdaýynda 100 km çenli hem ulanmaga şert döreder.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews