«Acer» ýüzüni işewürlere öwürýär

SalamNews

25 Aprel, 2023

«Acer» kompaniýasy soňky döwürlerde işewürlige ýöriteleşdirilen noutbuklaryna üns berip başlady. Kompaniýanyň biznes-noutbuklaryna «TravelMate» ady dakyldy we häzirki wagtda bu at bilen birnäçe görnüşli noutbuklar öndürilýär. Kompaniýanyň täze tanyşdyran noutbugyna bolsa «TravelMate P6 14» diýlip at berlipdir.

Noutbugyň ekrany 14 dýuýma barabar. Onda «Inteliň» entek resmi taýdan tanyşdyrylmadyk «Core i3» we «Core i5» prosessorynyň 13-nji nesliniň ornaşdyrylandygy nygtalýar. Noutbukda 32 GB RAM hem-de 2 TB esasy ýadyň ornaşdyrylandygy nygtalýar. Noutbugyň batareýasynyň örän çydamlydygy we ony tiz zarýadlandyryp bolýandygy aýdylýar.

Noutbukda işewürlik üçin gerek bolan 5G aragatnaşyk ulgamynyň bardygy äşgär edildi. Onuň agramy 1,09 kilograma barabar. Noutbuk şu ýylyň iýul aýynda 1400 ýewrodan satylyp başlanar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews