Ženewa şäherindäki Bütindünýä gaznasynyň saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri Aşgabada geldiler

SalamNews

17 Mart, 2023

Ýakynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň binasynda Ženewa şäherindäki Bütindünýä gaznasynyň (Global Fund) saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri türkmen kärdeşleri bilen maslahat geçirdiler. Oňa Bütindünýä gaznasynyň portfolio menejeri Waleriýa Grişeçkina, şeýle hem halkara hünärmenler Switlana Nidzeweska, Natali Maniç, Nino Mdiwani, Ganna Bolohowes dagy gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda inçekesele garşy göreş boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanda inçekesele garşy göreşmekde ýerli mümkinçilikleri berkitmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň düzgünlerini, şeýle hem onuň öňüni almagyň, kesele garşy göreşmegiň we ony bejermegiň çalt, ähmiýetli usullaryny girizmegi maksat edinýän inçekesele garşy göreş boýunça hyzmatdaşlygyň sebitleýin taslamasynyň durmuşa geçirilýändigi bellendi.

Bu maslahatyň netijeleri BMGÖM-iň AIDS-e, inçekesele we gyzzyrma garşy göreşmäge gönükdirilen, Bütindünýä gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän inçekesel taslamasynyň amala aşyrylmagynda möhüm ädim bolar. Şeýle hem ol 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Bütindünýä gaznasynyň inçekesel maksatnamasynyň maliýeleşdirilmegine, inçekesel bilen kesellänlere kömek etmäge, Türkmenistanda Bütindünýä gaznasynyň maksatnamasynyň hilini, dowamlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmäge uly goldaw berer.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews