Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy surat çekmek boýunça bäsleşik yglan etdi

SalamNews

31 Mart, 2023

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy (BOMCA), Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň öňüni alyş maksatnamasy (CADAP) bilen bilelikde «Dostlugyň serhedi ýok» mowzugy boýunça surat çekmek bäsleşigini yglan etdi.

Oňa 8 — 12 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylary gatnaşyp bilerler. Guramaçylar görkezilen ýaş aralygyndan uly ýa-da kiçi gatnaşyjylaryň eserleriniň kabul edilmejekdigini ýatladýar.

Bäsleşigiň ýeňijileri Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy, Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy (BOMCA), Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň öňüni alyş maksatnamasy tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanarlar.

Bäsleşige hödürlenjek işleri «Surat çekmek bäsleşigine» ýazgysy bilen Aşgabat ş., A.Niýazow şaýoly 174, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň iş merkezi, ofis 2/202 ýa-da bomca-communications@icmpd.org elektron poçtasyna iberip bilersiňiz.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews