Çagalar üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy

SalamNews

21 Maý, 2022

Şu gün — 21-nji maýda Aşgabatdaky Botanika bagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, ony Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi bilelikde gurady.

Çagajyklar bu ýerde ýaňlanan aýdymdyr sazlara owadan tans etdiler. Hatda iň söýgüli aýdymlarynyň biri bolan «Akja kepderini» jem bolup, şowhun bilen aýtdylar. Iň gowy tans etmekde saýlanan çagajyklar TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.

Körpejeler Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň ýerine ýetiren «Bim-bom», «Ариель-Краб», «Arap gijesi», «Moana», «Красавица и чудовище», «I'm still standing», «Happy holidays», «Love song» ýaly ajaýyp daşary ýurt aýdymlaryny diňläp hezil etdiler.

Mundan başga-da, dürli oýunlar, tanslar hem-de belli türkmen we daşary ýurt ertekileridir multfilmlerinden gyzykly sowal-jogap alyşmalaryň bolmagy çagalaryň joşgunyny artdyrdy.

Şeýle-de bu konserte Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleri we Ýetginjekler köşgüniň tansçylar topary işjeň gatnaşdy.

Bu ýere gelen aýdymçy körpeler saýtymyzyň döredijilik topary bilen şatlygyny paýlaşdy. Olar Aşgabat şäherindäki daşary  ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 134-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Alyhan Nurmuhammedow we şol mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Farida Gylyçmyradowadyr.

Alyhan bilen Farida konsert üçin «Aşgabat» atly aýdymy duet görnüşinde bilelikde ýerine ýetirdiler. Zehinli Alyhan geçen ýyl Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi bolmagy, şeýle-de «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde 2-nji orny eýelemegi başarypdyr.  2019-njy ýylda hem «Merdana nesil» bäsleşiginde 2-nji ýere mynasyp bolan Alyhan  fortepianony gowy çalyp bilýär. Sporta hem üns berip, häzirki wagtda erkin göreş boýunça türgenleşýär.

Umuman aýdanymyzda, konsert çagalaryň baýramçylygy üçin örän ajaýyp sowgat boldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews