Sungat ussatlary «Nowruz ýaýlasynyň ak öýi» binasynda döredijilik sowgatlary bilen çykyş etdiler

SalamNews

27 Sentýabr, 2022

26-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynyň ak öýi» binasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan sungat ussatlarynyň döwlet konserti boldy.

Oňa gatnaşanlaryň hatarynda Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary bar. Şeýle-de hormatly ýaşulular, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylym, döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar  «Nowruz ýaýlasynyň ak öýi» binasynyň ýanyna  ýygnandylar. Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistana gelen köp sanly daşary ýurtly wekiller, daşary ýurtlardaky watandaşlarymyz — Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahatyna gatnaşyjylar hem myhmanlaryň hatarynda boldular.

Konsert maksatnamasyny aýdymçylaryň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň horunyň we «Güneş» çagalar horunyň ýerine ýetirmegindäki «Garaşsyz, Bitarap bagtyýar Watan» atly joşgunly watançylyk aýdymy açdy. Konsertiň joşgunly çykyşlaryny Prezident Serdar Berdimuhamedowa bagyşlanyp döredilen aýdymlar dowam etdi. Bu konsert žanrlaryň köpdürlüligi we çykyşlaryň ilkinji gezek hödürlenýändigi bilen tapawutlanýar.

Konsert meşhur sazandalaryň we estrada ýerine ýetirijileriniň, folklor we tans toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Ussat ýerine ýetirijiler bilen bir hatarda, sungat ýoluna ýaňy gadam goýan ýaş aýdymçy-sazandalar hem zehinlerini görkezdiler. Türkmen estrada ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde türkmenistanlylaryň birnäçe nesliniň söýgi bilen diňleýän ajaýyp aýdymlary hem ýaňlandy. Ýyllar geçse-de, şol aýdymlar şirinligini we täzeligini ýitirmän gelýär.

Onuň dowamynda Türkmenistanyň halk artistleri Atageldi Garýagdyýewiň, Atajan Berdiýewiň, Parahat Amandurdyýewiň, Gözel Öwezowanyň, Leýli Ökdirowanyň döwür, Garaşsyzlyk, Watan baradaky aýdymlary ýaňlandy. Şeýle-de konsertde Hakberdi Allamyradow, Dilber Rahmanowa, Guwanç Ýazmämmedow, Ahmet Atajanow, Sahydursun Hojakowa çykyş etdi. Kakadurdy Täjimow, Gülşat Gurdowa, Annaguly Myratdurdyýew, Nurýagdy Rejebow ýaly ýurdumyzyň meşhur artistleriniň ýerine ýetiren aýdymlary diňleýjilere ruhy lezzet paýlady.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine we sazyna döredilen, türkmenistanlylaryň kalbynda orun alan «Bagt nury» atly aýdym tomaşaçylar üçin hakyky sowgat boldy. «Garaşsyzlyk bagty Sizde, Arkadagly Serdarymyz!» atly joşgunly aýdym dabaranyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

«Nowruz ýaýlasyndaky» konsert şu baýramçylyk günlerinde dowam eder.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews