Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Pudagara toparyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar

SalamNews

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak  hem-de Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Pudagara toparyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada 30-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda habar berildi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň bellemegine görä, geçirilýän işler raýat awiasiýasynyň Halkara guramasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça kadalaryna, tejribelerine we iş amallaryna laýyklykda, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň uçuşlaryň howpsuzlygyny, yzygiderliligini we netijeliligini ýokary derejede  üpjün etmäge gönükdirilendir.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini netijeli ýola goýmak üçin, ähli zerur çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek möhüm meseledir diýip, döwlet Baştutany aýtdy we bu ugurda Döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlananda, halkara awiasiýa işiniň talaplarynyň öz beýanyny tapmalydygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, agentligiň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Pudagara toparyny döretmek üçin degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews