Türkmen-belgiýa hyzmatdaşlygy berkidilýär

SalamNews

Ýakynda Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi «Belgiýa-Türkmenistan» parlamentara dostluk toparynyň başlygy Belgiýanyň Wekiller palatasynyň agzasy Tim Wandenput bilen duşuşdy. Duşuşyk hususan-da, parlamentara gepleşikleri güýçlendirmegiň zerurlygy barada boldy.

Diplomat iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda 2020-nji ýylda döredilen dostluk toparynyň ähmiýetiniň uludygyny nygtap geçdi.

Tim Wandenput hem barha ösýän türkmen-belgiýa hyzmatdaşlygyna ýokary baha berip, döwletara gatnaşyklarda ulag, energiýa, oba hojalygy we bilim pudaklarynda aýratyn öňegidişlikleriň gazanylýandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda ulag hyzmatdaşlygynyň çäginde Türkmenistanyň geografiki ýerleşişine we Türkmenbaşy deňiz portunyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews