Günüň transfer habarlary

SalamNews

6 Iyul, 2022

Ispaniýanyň «Barselona» topary birbada 2 futbolçyny tölegsiz transfer etdi. Katalonlar «Milan» bilen şertnamasy tamamlanan 25 ýaşyndaky kot-d’iwuarly ýarymgoragçy Frenk Kessini hem-de «Çelsiniň» 26 ýaşyndaky daniýaly goragçysy Andreas Kristenseni düzümine goşdy. «Barselona» topary 2 futbolçy bilenem 4 ýyllyk şertnama baglaşdy.

 ***

«Barselona» toparynyň niderland hüjümçisi Luuk de Ýong 3 ýyldan soň ozalky kluby «PSW Eýndhowene» dolandy. 2019-njy ýylda «Sewilýa» transfer bolan 31 ýaşyndaky hüjümçi 2 möwsümden soň «Barselonada» çykyş etdi. Ol «Sewilýada» 94 oýunda 19 gol, «Barselonada» bolsa 29 oýunda 7 gol geçirdi. «PSW-de» oýnan 5 ýylynda 204 duşuşykda 112 gezek tapawutlanan De Ýong 7-nji belgili köýnekçäni geýer.

***

Türkiýäniň «Beşiktaş» topary «Premier Ligadan» aşaky liga düşen «Býornli» toparynyň niderland hüjümçisi Wout Weghorsty kärendesine aldy. Türk kluby 29 ýaşyndaky hüjümçi bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşyp, oýunça 2,8 million ýewro hak tölär. Geçen möwsümiň başynda «Wolfsburgdan» «Býornli» toparyna 12 million ýewro transfer bolan Weghorst «Býornlide» 2 gol geçirdi (20 oýunda).

***

10 ýyldan soň ilkinji gezek iýun aýyny transfersiz geçiren «Mançester Ýunaýted» topary «Feýenoordyň» çep gyraky oýunçysy Tyrrell Malasiany öz düzümine goşdy. Mankunianlar bu transfer üçin niderland toparyna 13 million funt sterling berer. 22 ýaşyndaky niderland futbolçysy iňlis kluby bilen 4+1 ýyllyk şertnama gol çekişdi.

***

Italiýanyň «Roma» topary Fransiýanyň «Lill» toparyndan türkiýeli sag gyraky goragçy Zeki Çeligi düzümine goşdy. Italýan kluby 25 ýaşly oýunçy bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. Oýunçynyň transfer bahasy 7 million ýewro diýlip kesgitlendi. «Lill» topary onuň indiki transferinden 15 göterimlik paý hem alar.

 ***

Italiýanyň «Milan» kluby «Liwerpul» bilen şertnamasy tamamlanan belgiýaly hüjümçi Diwok Origini tölegsiz transfer etdi. Italýan kluby 27 ýaşyndaky hüjümçi bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. Origi 2014-nji ýylda «Liwerpulyň» düzümine goşulyp, ol 176 oýunda 41 gezek tapawutlandy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews