«Salam, dünýä!»: bir minutda jahan habarlary

SalamNews

10 Oktýabr, 2022

Özboluşly gülgüne brilliant 60 million amerikan dollaryna satyldy

Bäsleşikli söwda öýi Sotheby`s Gonkongda geçirilen söwdalaşykda «Wilýamson» gülgüne brilliantyny 60 million amerikan dollaryna satdy.

Ýangyn Pasha adasynyň ýadygärliklerine zeper ýetirdi

Pasha adasyndaky syrly ýadygärliklere ýangyn sebäpli zyýan ýetirildi. Ýangynyň zyýan ýetiren ýerleriniň käbirleriniň dikeldip bolmajakdygy bellenilýär.

Diwardan VII asyra degişli altyn teňňeler tapyldy

Ysraýyl döwletiniň arheologlarynyň aýtmaklaryna görä, tebigy goraghanalaryň birinde diwarda gizlenen VII asyryň altyn teňňeleri tapylypdyr.

Ýewro-2024 ýaryşyna gatnaşmak üçin bäsleşigiň toparçalary belli boldy

Germaniýada futbol boýunça milli ýygyndylaryň arasynda geçiriljek Ýewropa çempionatyna gatnaşmak üçin geçirilýän saýlama ýaryşyň toparçalary belli boldy. Ýaryş 2024-nji ýylyň 14-nji iýunyndan 14-nji iýulyna çenli dowam eder.

Ýupiteriň hemrasyna täze arş gämisi ugradylar

Ýupiter planetasynyň hemrasy bolan Ýewropa Gün ulgamynda Ýerden soň ýaşaýyş ýüze çykan ikinji asman jisimi bolup biler. Onuň şeýle boljakdygynyň ähtimallygynyň uludygyny «Juno» arş gämisiniň düşüren suratlary şaýatlyk edýär we bu çaklamany takyklamak üçin 2024-nji ýylda Ýupiteriň hemrasyna «Europa Clipper» arş gämisi ugradylar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews