«Salam, dünýä!»: 1 minutda jahan habarlary

SalamNews

1 Oktýabr, 2022

Çernobyldan gara gurbagalar tapyldy

Ukrainanyň Pripýat şäherinde ýerleşen Çernobyl AES-iniň heläkçiligi barada eşiden bolsaňyz gerek. Häzir adamsyz şäherde mutasiýa sezewar bolan jandarlaryň birnäçesi ýaşaýar. Olaryň biri hem radiasiýa garşy pigmentasiýany ýerlikli ulanan gara gurbagalar boldy. Alymlaryň ýakynda tapan bu jandary gurbagalarda uýgunlaşma häsiýetiniň ýokary derejede ösendigini görkezýär.

«Google map» täze mümkinçilikleri ornaşdyrýar

«Google» şereketi meşhur «Google map» kartasynyň täzelenmesinde elektron kartalarynyň düýbünden täze görnüşlerini hödürlär. Indi şereketiň kartalarynda binalar we köçeler takyk we ýokary hilli görkeziler.

Gazagystanda 20 müň teňňelik gymmaty bolan täze pul dolanyşyga goýberildi

Gazagystanda şu günden täze 20 000 teňňelik gymmaty bolan täze pul birligi dolanyşyga goýberildi. Täze pul ýokary derejede goraglylygy bilen tapawutlanýar.

Tom Henksiň ilkinji eseri 2023-nji ýylda çap ediler

Taryhdaky iň gowy filmlerde, ýagny «Gaç, Forest, gaç!», «Ýaşyl ýol» kinolarynda baş roly ýerine ýetiren Tom Henks kitap ýazmak bilen meşgullanyp başlady. Onuň ilkinji eseri 2023-nji ýylda çapdan çykar.

Marsdan suwuň alamatlaryny tapdylar

Kembrij uniwersitetiniň alymlary Mars planetasynyň günorta polýusyndaky buzluklaryň astyndan suwuň ergin ýagdaýda ýerleşýändiginiň subutnamasyny tapdylar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews