«Porsche» kompaniýasy «Panamera Sport Turismo» modeliniň önümçiligini bes etdi

SalamNews

30 Noýabr, 2023

Germaniýanyň «Porsche» kompaniýasy «Panamera Sport Turismo» modeliniň önümçiligini we satuwyny bes etdi. Bu model indi öndürilmez.

Bu modele bolan islegiň pesligi sebäpli, önümçiliginiň bes edilenligi bellenilýär. «Sport Turismo» «Panamera»-nyň umumy satuwynyň 10%-den az bölegini emele getirenligi sebäpli «Porsche» önümçiligi dowam etdirmezlik kararyna gelendigini düşündirdi.

«Porsche Panamera Sport Turismo» ilkinji gezek 2017-nji ýylda hödürlenip, 2020-nji ýylda gaýtadan dikeldildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews