Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärleri berkitmegiň tertibi

SalamNews

16 Ýanwar, 2024

Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärler ýokary bilimli bolmalydyrlar.

Aspiranturada doly okuwy geçenler ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär hökmünde kabul edilmeýär.

Dalaşgärleri kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin berkitmek üç ýyldan köp bolmadyk möhletde amala aşyrylýar.

Bir wagtyň özünde iki ýa-da birnäçe ýokary okuw mekdebinde, ylmy edarada dalaşgär bolmaga rugsat edilmeýär.

Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgäriň ýokary okuw mekdebine ýa-da ylmy edara berkidilmegi üçin:

— ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy-barlag edarasynyň ýolbaşçysynyň adyna arzasyny;

— hünärine laýyklykda saýlap alan temasy boýunça ylmy referaty;

— ýokary bilimi hakynda diplomynyň nusgasyny (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar degişli diplomynyň we onuň deň derejelidigini tassyklaýan Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ykrar şahadatnamanyň nusgasy);

— şahsyýetini tassyklaýan resminamany we ýokary bilimi hakyndaky diplomynyň (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar degişli diplomy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen hem-de onuň deň derejelidigini tassyklaýan ykrar şahadatnamasyny) asyl nusgasyny dalaşgäriň özi getirip görkezýär.

Maglumat hökmünde bellesek, aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige girmek üçin arzalar 2024-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 28-nji fewralyna çenli kabul edilýär.

Aspirantura kabul etmek üçin giriş synaglary, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almak boýunça çäreler 2024-nji ýylyň 1-nji martyndan 25-nji martyna çenli geçirilýär.

Aspirantura, doktorantura kabul etmek we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almak 2024-nji ýylyň 1-nji aprelinden amala aşyrylýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews