Totyguş polisiýa işgärlerini öýüne çagyrdy

SalamNews

17 Iyul, 2023

Iňlisleriň Kanwi-Aýlend adasyndaky polisiýa işgärlerine ýaşaýyş jaýlaryň birinden aýallaryň kömek soraýan gykylyklary barada habar bardy.

Aýallaryň kömek sorap gygyrýandyklary baradaky habarlardan soň, şol öýe üç sany nobatçy awtoulagy geldi. Öýe gelip jaňa basylanyndan soňra, gapy polisiýa işgärleriniň öňki kärdeşi tarapyndan açyldy. Bu barada «BBC» habar berýär.

54 ýaşly Stiw Wudyň öýünden kömek soraýan sesleriň eşidilendigi baradaky habary alan polisiýa işgärleri bu ýere gelenlerinden soňra, kömek soraýanyň aýal däl-de, öňki kärdeşiniň totyguşydygy belli boldy.

Stiw Wud 21 ýyl bäri öý haýwanlaryny saklaýar. Bu adam öý haýwanlarynyň irden we agşam üýtgeşik sesleri çykarýandygyny aýtdy. Emma bu gün, Freddi atly üç ýaşly totyguş özüni aýratyn tapawutlandyrdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews