«Samsung» kompaniýasy çarçuwasyz smartfonyny görkezdi

SalamNews

21 Awgust, 2023

«Samsung Display» smartfonyň ähli panelini öz içine alýan «All Around Full Screen»  doly çarçuwasyz ekranyny görkezdi. Onuň suraty Hytaýyň «Weibo» sosial ulgamynda ýerleşdirildi.

Çeşmäniň habaryna görä, «Samsung» tanyşdyrylyş dabarasynda şeýle ekrany bolan smartfon taslamasyny görkezdi. Surat enjamyň mikrofon we gürleýjisi üçin açyk ýerleriniň bardygyny, ýöne zarýad beriş portunyň ýokdugyny görkezýär. Bu «Samsungyň» geljekki smartfonlarda simsiz zarýad bermegi ýa-da energiýa üpjün etmegiň başga alternatiw usullaryny ulanmagy meýilleşdirýändigini görkezip biler. Mundan başga-da, egri ekran hiç hili bezeg ýa-da kesilmezden smartfonyň öň tarapyny doly örtýär.

Şeýle smartfonyň haçan peýda boljakdygy barada heniz habar berilmedi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews