Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar Türkiýede boldular

SalamNews

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Türkiýe Respublikasynda boldular. Olar Türkiýede her ýylyň 23-nji aprelinde bellenilýän Milli özygtyýarlylyk we çagalar güni mynasybetli geçirilen medeni çärelere gatnaşdylar. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşi tarapyndan taýýarlanan medeni maksatnama çäginde Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar Ankara we Stambul şäherlerinde geçen çäreleriň şowhunly pursatlarynyň şaýady boldular.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalary Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan kabul etdi. Olar türk topragynda mähirli kabul edilendikleri, çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin doganlyk ýurduň Liderine tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

Çagalar türk dilindäki goşgulary okadylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň türk diline terjime edilen nusgasynyň Türkiýäniň Prezidentine sowgat berilmegi bolsa çuňňur hoşallygyň nyşanyna öwrüldi. Türkiýe Respublikasynyň Baştutany halkyň milli gymmatlyklary bolan türkmen tahýasyny we dutary özüne bildirilen hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini nygtap, munuň üçin türkmen çagalaryna hem-de olaryň üsti bilen türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň Prezidentine hem-de doganlyk türkmen halkyna hoşallygyny bildirdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews