Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň netijeleri jemlenildi

SalamNews

26 Iyul, 2023

25-nji iýulda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň netijeleri jemlenildi. Bu saýlawlar 23-nji iýulda açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, giň bäsdeşlik esasynda geçirildi.

Mejlise merkezi saýlaw toparynyň agzalary we onuň edarasynyň işgärleri, toparyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Agrar partiýanyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi edaralarynyň milli synçylar boýunça jogapkär işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda Arkadag şäheriniň saýlaw toparynyň başlygynyň saýlawlaryň netijelerini jemlemek boýunça ýerine ýetiren işleri baradaky hasabaty diňlenildi. Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, demokratik ýörelgeler esasynda 5 saýlaw okrugynyň hersinde bir orna iki dalaşgär bellige alyndy. Munuň özi şu saýlawlaryň bäsleşik esasynda geçirilendigine şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, saýlaw toparlarynyň Teswirnamalaryna laýyklykda, ses bermegiň netijeleri boýunça Geňeşiň 5 agzasy saýlanyldy. Saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň ählisi öz wagtynda, hereket edýän milli kanunçylyga we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda geçirildi.

Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna laýyklykda, Geňeş agzalarynyň saýlawlary geçirildi diýlip ykrar edildi. Şeýlelikde, 10 dalaşgäriň 5-si saýlanyldy. Halkyň saýlanlarynyň ählisi halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärleridir, Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Agrar partiýanyň wekilleridir, öz işiniň ussatlarydyr.

Saýlawlara syn eden milli synçylaryň işjeň işi bellenildi. Şeýle hem syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edaralarynyň milli synçylar boýunça jogapkär wekilleriniň habarlary diňlenildi. Nygtalyşy ýaly, saýlawlar ýokary guramaçylyk derejesinde, milli kanunçylyga hem-de halkara kadalara laýyklykda geçirildi.

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň netijeleri tassyklanyldy. Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda, saýlanan dalaşgärler baradaky maglumatlar ýakyn wagtda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap ediler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews