Harby we hukuk goraýjy düzümleriň 4 aýky işiniň jemleri jemlendi

SalamNews

3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, degişli döwürde Ýaragly Güýçleri ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek hem-de olary iň täze tehniki serişdeler bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Ýaragly Güýçlerde çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyny guramaçylykly geçirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany ýurdumyzda her ýylyň 9-njy maýynda 1941 — 1945-nјi ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününiň dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine şol gün paýtagtymyzyň «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda bu baýramçylyk mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde  geçirilmegini üpјün etmek tabşyryldy. Şeýle-de mejlisde döwletimizde kanunylygy hem-de hukuk tertibini üpjün etmek, dürli görnüşli hukuk bozulmalarynyň, şol sanda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça talabalaýyk çäreleriň görülmeginiň möhümdigi bellenildi. Ähli ýerlerde ýangyna garşy düzgüniň berjaý edilişi hem-de kärhanalarda, edaralarda degişli çäreleri geçirmek babatda aýratyn tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutany soňky ýyllarda Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm çatrygy hökmünde Ýewraziýa yklymynda eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygy bilen baglylykda, düzümiň işgärleriniň özlerine berlen ygtyýarlyklaryň ýerine ýetirilmegine jogapkärli çemeleşip, gümrük serhedinden geçýän harytlara we ulag serişdelerine bildirilýän talaplaryň berjaý edilişine berk gözegçiligi amala aşyrmalydyklaryny nygtady.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews