Ykdysadyýetiň pudaklarynyň 4 aýky işiniň jemleri jemlendi

SalamNews

4-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde habar berlişi ýaly, dört aýyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,1 göterim artdy.

Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,4 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 13,2 göterim ýokarlandy. 2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 115,4 göterim, çykdajy bölegi 97,5 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 9,9 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda  maliýeleşdirildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13,1 göterim artdy. Şu ýylyň dört aýynyň jemleri boýunça Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyklary alnyp baryldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow aýry-aýry ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, şu ýylyň  geçen dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň bellenen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam etdirýändigini aýtdy.

— Ýurdumyzda şu döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejesinde saklandy. Watanymyzyň ähli künjeginde köp sanly senagat we durmuş maksatly desgalar guruldy hem-de gurulmagy dowam etdirilýär. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde biz importy çalyşýan harytlary özümizde öndürmäge çalyşýarys. Eksporta iberilýän önümleriň möçberini artdyrmagyň döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegi dowam etdirýäris, sanly ulgama geçmegi we ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegi amala aşyrýarys — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi ugrunda tutanýerli zähmet çekmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews