Türkmenistanyň Prezidenti san­ly ulgam arkaly on aýyň jemine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň nobatdaky­ mejlisini geçirdi

SalamNews

11 Noýabr, 2023

Şu gün — 10-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serd­ar Berdimuhamedow san­ly ulgam arkaly Türkm­enistanyň Ministrler ­Kabinetiniň nobatdaky­ mejlisini geçirdi. Bu barada­ «Watan» habarlar gepleşiginde habar beril­di.

Mejlisde şu ýylyň 10 aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. ­

Ilk­i bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Baş­lygy D.Gulmanowa söz ­berildi. Ol şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Mejlisiň Başlygynyň belleýşi ýaly, şeýle hem häzirki wagtda parlamentiň iş toparlarynda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, täze Kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri amala aşyrylýar we hereket edýän hukuk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalar girizilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra wise-premýerler­ hem-de Türkmenistanyň Ministrler Ka­binetiniň ýanyndaky U­lag we kommunikasiýal­ar agentliginiň Baş d­irektory gözegçilik e­dýän düzümlerinde şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri, pu­daklary mundan beýläk­-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çä­reler, döwlet Baştuta­nynyň garamagyna hödürlenilýän teklipler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýe­tirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak­ çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri,­ resminamalaryň taýýa­rlanan taslamalary barad­a hasabatlary berdile­r.

Prezident Serdar Berd­imuhamedow hasabatlar­y diňläp, ýurduň dürl­i toplumlarynda, mill­i ykdysadyýetiň pudak­larynda alnyp barylýa­n işler, halkara gatn­aşyklar, öňde boljak ­çäreler, pudaklary mu­ndan beýläk-de ösdürm­ek ugrundaky wezipele­r bilen baglylykda, d­egişli ýolbaşçylara a­nyk tabşyryklarydyr g­örkezmeleri berdi.

Mejlisde Prezident Serdar Berdimuhamedow birnäçe Permana we Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň öňdebaryjy raýatlaryna döwlet sylaglaryny bermek hakynda degişli resminama gol çekdi.

Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar, ýurtda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli, Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň Garaşsyz Türkmenistanyň üstünlikli ösýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow 12-nji noýabrda Türkmenistanda giňden belleniljek Hasyl toýy bilen ähli türkmen halkyny, zähmetsöýer hasyl ussatlaryny gutlady.

Mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews