Talyplaryň arasynda geçirilen hakaton bäsleşigiň jemi jemlendi

SalamNews

31 Maý, 2023

Ýakynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «Önümçiligi awtomatlaşdyrmakda emeli aňy ulanmak» atly programma düzüjileriň bäsleşiginiň (hakaton) ýeňijileri mälim edildi. «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda guralan bu bäsleşige kompýuterden, maglumat tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan talyplar toparlary gatnaşdy.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplar toparlary emeli aň ugry boýunça nazaryýetde alan bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny bäsleşigiň dowamynda doly açyp görkezdiler. Toparlar bäsleşigiň çäklerinde iki sany ýumşy ýerine ýetirdiler. Olaryň birinjisi kompýuter tehnologiýalary satylýan dükanyň işini awtomatlaşdyrmak bilen bagly ýumuş bolup, hasaplaýyş tehnikasyna degişli ähli harytlary suratlary bilen emeli aňa tanatmakdan we tertip boýunça ýerleşdirmekden ybarat boldy. Ýumuşlaryň ikinjisinde talyplara döredilýän emeli aňy türgenleşdirmek üçin ýörite bukja berildi. Bäsleşige gatnaşyjylar şoňa laýyklykda, degişli işleri geçirdiler.

Eminler toparynyň gelen netijelerine görä, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň toparlary 1-nji orna mynasyp boldular. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary 2-nji orny eýelediler. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplar toparlary bolsa, degişlilikde, 3-nji orna mynasyp bolmagy başardylar. Ýeňijilere diplomlardyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.


Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews