Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

SalamNews

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň EYR-na amala aşyrýan saparynyň çäginde birnäçe ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda resminamalara gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi web saýty ýazýar.

Gol çekilen resminamalar

  • Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika ministrliginiň arasynda Elektroenergetika babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda, özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama;

  • Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňemegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2023-2024-nji ýyllar üçin Maksatnama;

  • Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Maşat Lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň arasynda bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama;

  • S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Gürgen oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň arasynda Bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada, özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Şeýle-de Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda Bilelikdäki Jarnama kabul edildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews