Peýniriň 1001 görnüşini özünde jemleýän pizza Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizildi

SalamNews

1 Ýanwar, 2024

Fransiýada peýniriň 1001 görnüşini özünde jemleýän pizza taýýarlanyldy. Bu waka Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizildi.

Pizza ýerli aşpezleriň ikisi tarapyndan bişirildi. Şolardan biri-de ozal hem taýýarlan pizzasyna goşulan peýnir görnüşleriniň sany boýunça rekordy täzelemegi başaran Benua Brýuel bolup, ol 2020-nji ýylda bişiren ajaýyp tagamynda bu önümiň 254 görnüşinden peýdalanypdy. Bu barada «UPI» habar berýär.

«Öz biznesime başlan ýyllarymdan häzire çenli meniň esasy arzuwym iň uly we peýniriň diýseň kän görnüşini özünde jemleýän pizzany taýýarlamakdan ybarat bolupdy» – diýip, aşpez gürrüň berýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews