Pakistanyň Prezidenti we Premýer-ministri Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk hatlaryny ýolladylar

SalamNews

12 Sentýabr, 2022

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiniň hem-de Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň adyndan hoşallyk hatlary gelip gowuşdy. Olarda türkmen döwletiniň Baştutanyna Pakistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iberen gutlag hatlary üçin hoşallyk bildirilýär.

Hususan-da, Prezident Arif Alwi: «Siziň şol mähirli sözleriňiz doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky barha berkeýän dostlukly gatnaşyklary beýan edýär. Biziň döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we özara goldaw bermegiň mundan beýläk-de pugtalanjakdygyna ynanýaryn» diýip, hatynda belleýär.

Pakistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iberilen gutlag haty üçin hoşallyk bildirip, Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif hem: «Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar köpasyrlyk taryhy, ruhy we medeni umumylyga esaslanýar. Pakistan Türkmenistan bilen ýakyn gatnaşyklara ýokary baha berýär. Özara hormat goýmaga, dostluga hem-de hyzmatdaşlyga daýanýan bu gatnaşyklaryň has-da pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn» diýip, iň gowy arzuwlaryny beýan edýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews