Russiýadan Saud Arabystanyna barýan ilkinji ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi

SalamNews

Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň üsti bilen Russiýadan Saud Arabystanyna tarap barýan ilkinji ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden Eýrana geçdi. Bu barada newscentralasia.net ýazýar.

36 konteýnerden ybarat ýük otlusy Türkmenistan bilen serhetleşýän Inçeburun serhet geçelgesinden geçdi diýlip habarda bellenýär. Otly günorta Bandar Abbas portuna tarap hereket edip, ol ýerden ýük Jidda şäherine tarap ugradylar.

Şeýle-de bu ugur boýunça amala aşyrylýan bu gatnawyň serişdeleri tygşytlamaga ýardam edýändigi habarda bellenýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews