Gazagystanyň ilkinji gözeli Almatyda saýlandy

SalamNews

18 Dekabr, 2023

Sabina Idrisowa «Miss Gazagystan — 2023» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Respublikan gözellik bäsleşiginiň finalyna 25 gyz gatnaşdy.

«Geljegi gora» atly çäräniň mowzugy daşky gurşawy goramak, gündelik durmuşda neýron ulgamlar we emeli intellektleri ulanmak ýaly meselelere gönükdirildi. Gözellikler diňe bir owadanlygy üçin saýlanmady. Emin agzalary gyzlaryň akyl-paýhasyna, medeniýetine we saýlama ukybyna, şeýle hem tebigata bolan söýgüsine üns berdiler.

Bäsleşik wagtynda gyzlar dört gezek sahna çykdylar. Gatnaşanlar özleriniň hoşniýetliligini sahnadaky çykyşlarynyň üsti bilen açyp görkezdiler. Gyzlar intellektual soraglara-da jogap berdiler.

Bäsleşigiň ýeňijisi Sabina Idrisowa 21 ýaşynda. Ýurduň ilkinji gözelligi balet ussatlygy bilen meşgullanýar. Ol Almatydaky A.Seleznew adyndaky horeografiýa mekdebini gutardy we «Astana Balet» teatrynda çykyş etdi.

Sabina şu tomus balerina ýoluny tamamlamagy ýüregine düwýär we Almata gaýdyp barýar. Şondan soň, «Miss Gazagystan» gözellik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar.

«Miss Gazagystan — 2023»-iň  boýy 175 sm, şekil parametrleri 82-63-92 bolup, bäsleşigiň ýeňijisi diýen ada mynasyp boldy. Sosial ulgamlarda ýeňiji gyz arzuw etmäni gowy görýändigini we gudratlara bolan ynamyny ýitirmeýändigini paýlaşdy. Şol bir wagtyň özünde, ol maksatly, batyrgaý hereketleri gowy görýär we durmuş oňa garşy çykyp, täze bir zat hödürlese, ony aýgytly kabul edýär. «Miss Kazakstan 2023» bäsleşigi onuň sözlerine görä, şeýle synaglaryň biri boldy. Indi ol «Miss World» gözellik bäsleşiginde Gazagystanyň adyndan wekilçilik eder.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews