Sportuň birnäçe görnüşi boýunça paýtagtymyzyň we welaýatlaryň çempionatlary geçirilýär

SalamNews

20 Aprel, 2022

Aprel aýynyň ahyrky gününe çenli sportuň galtaşylmaýan görnüşleriniň birnäçesi boýunça paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň çempionatlary we birinjilikleri geçirilýär.

18-nji aprelde paýtagtymyzdaky şeýle ýaryşlaryň birinjisi guraldy. Bowling boýunça Aşgabat şäheriniň çempionatyna 20-den gowrak oglan hem-de 10-dan gowrak gyz türgenler gatnaşdylar.

Mundan başga-da, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň tassyklan meýilnamasy esasynda stol tennisi, gylyçlaşmak, pauerlifting, badminton, agyr atletika, ýeňil atletika, çeperçilik gimnastikasy, sport gimnastikasy boýunça paýtagtymyzyň birinjilikleri ýaýbaňlandyrylar. Bilýard, ýaýdan ok atmak, tennis, awtomobil sportunyň karting hem-de wolkikar görnüşleri, şeýle-de, ralli reýd boýunça Aşgabat şäheriniň çempionatlary geçiriler.

«Ýurdumyzda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan meýilleşdirilen sport çärelerini, okuw-türgenleşik sapaklaryny we ýygnanyşyklaryny geçirmegiň wagtlaýyn Tertibiniň» talaplaryny berjaý etmek şerti bilen guralýan ýaryşlar ýygyndy toparlarymyza agzalyk etjek türgenleri kesgitlemekde uly ähmiýete eýe bolar.

Ýaryşlar 30-njy aprelde tamamlanar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews