Ýokarda näçe diýseň ýer bar: Derman öndürýän fabrik kosmosa çykaryldy

SalamNews

14 Iýun, 2023

Kaliforniýada ýerleşýän «Varda» startapy ilkinji emeli hemrasyny kosmosa çykardy. Onuň üçin Ilon Maskyň «Falcon 9» raketasy peýdalanypdyr. Göwrümi ýoga topy bilen deň bolan fabrika 1 aýlap 1000 km beýiklikde aýlanar. 1 aýdan soňra hemrada ýerleşdirilen goşmaça gurluş onuň aýlanýan tarapynyň tersine bat berer we tizligini haýalladyp, atmosfera girmegine şert döreder.

Barlagyň ilkinji hepdesinde alymlar hemranyň ulgamynyň işleýşini barlagdan geçirerler. Tejribäniň birinji tapgyry üstünlikli geçirilse, mikrograwitasiýa şertlerinde AIW-e garşy dermanlaryň tejribeleýin önümçiligi ýola goýular.

Maglumatlara görä, dermanlaryň bu görnüşde öndürilmegi beloklaryň kristallizasiýa prosessiniň has-da netijeli geçmegine mümkinçilik döredýär. Şeýle-de dartylma güýjüniň ýok ýerinde dermanlaryň içindäki bölejikleri kadaly paýlamaga mümkinçilik döredilýär.

Tejribäniň üstünlikli geçirilmegi bilen «Varda» kompaniýasy şu ýylyň dowamynda kosmosa ýene-de birnäçe tejribeleri geçirer. Geljekde bolsa kosmosda maýadarlaryň we döwlet edaralarynyň goldawy bilen hakyky derman zawody gurlar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews