«Paýasy» operasynyň ilkinji görkezilişi bolar

SalamNews

9 Aprel, 2024

1

18-nji aprelde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Rujero Leonkawallonyň «Paýasy» operasynyň ilkinji görkezilişi bolar. Dünýä belli italýan kompozitoryň ajaýyp eserleri eýýäm bir asyrdan gowrak wagt bäri tomaşaçylary haýran galdyryp gelýär.

«Paýasy» operasynda hemme zat bar: göwne degmeýän ajaýyp degişme, romantika we dartgynlylyk, adam duýgularyny beýan etmekdäki inçelik, ýatdan çykmajak sazlar we tolgundyryjy wakalar.

Operanyň gahrymanlary: Kanyo - Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew, Nedda - Jennet Mekanowa, Tonio - Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň 2-nji ýyl talyby Döwlet Ýoldaşow, Beppo - şol ýokary okuw jaýynyň 4-nji ýyl talyby Mansur Şaripow, Silwio - Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň 4-nji ýyl talyby Aýnepes Kakaýewa, şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň hor topary (hor meýster Haýdar Eminow), konsertmeýster Jennet Ataýewa.

Sahna režissýorlary: Atajan Berdiýew we Ýekaterina Darçiýa.

Opera şol gün sagat 18:00-da başlaýar. Opera giriş tölegsiz.

 

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews