«Ahalyň» AFK-nyň Çempionlar ligasynda «Pahtakoryň» garşysyna geçirjek duşuşygyna göni efirde tomaşa edeliň!

SalamNews

24 Oktýabr, 2023

Şu gün ýurdumyzyň «Ahal» futbol kluby AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçadaky üçünji duşuşygyny geçirer. Ildeşlerimiz myhmançylykda — Daşkentde «Pahtakor» toparynyň garşysyna çykarlar.

Şu gün — 24-nji oktýabrda Aşgabat wagty bilen 19:00-da başlanjak duşuşygy Täjigistanyň «Футбол HD» teleýaýlymy göni efirde görkezer. Göni reportaž 18:50-de başlanar. Oýun Özbegistanyň «Спорт» teleýaýlymynda hem göni hödürlener. Bu teleýaýlymlaryň ikisi hem IPTV ulgamynda elýeterlidir.

Bu duşuşyk «Bunýodkor» stadionynda geçiriler.

Türkmen kluby AFK-nyň Çempionlar ligasynyň «A» toparçasynda çykyş edýär. Häzirki wagtda tamamlanan iki tapgyrdan soň hiç bir utuk ýitirmedik «Al-Aýn» bu toparçanyň başyny çekýär. «Ahalyň» hem-de «Al-Feýhanyň» her biriniň 3 utugy bar. «Pahtakor» bolsa heniz utuk toplap bilmedi.  

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews