Özbek aýdymlaryndan ybarat bolan «Mugallymlary ýatlap» atly konsert geçiriler

SalamNews

29 Fewral, 2024

2-nji martda Aşgabatdaky «Watan» kinokonsert merkezinde «Mugallymlary ýatlap» atly özbek aýdymlaryndan ybarat bolan konsert geçiriler.

Konsertiň çeper ýolbaşçysy, şeýle hem özbek nusgawy eserleriniň ýerine ýetirijisi Izzat Mowlýanow bolar.

Aýdym-saz agşamynda Özbegistanyň meşhur halk artistleriniň we ýerine ýetirijileriniň, şeýle hem halypalar Komiljon Otaniýozowyň, Şerali Joraýewiň, Ohunjon Madaliýewiň, Bobomurod Homdamowyň we Hurşid Rasulowyň eserleri ýerine ýetiriler.

Konsert sagat 19:00-da başlar.

Biletleri şu telefon belgileri arkaly satyn alyp bilersiňiz:

(+99361) 26-44-32; (+99361) 12-38-11.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews