Türkiýäniň kompaniýalarynyň 100-e golaýy Eksport harytlarynyň sergisine gatnaşarlar

SalamNews

30-njy noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew şu ýylyň 6-8-nji dekabry aralygynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisini, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini hem-de onuň çäklerinde türkmen-türk işewürler maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sergä doganlyk ýurduň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 100-e golaýynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Gatnaşyjy kompaniýalar, esasan, senagat ugurly kärhanalar üçin tehnologik enjamlary, gurluşyk we oba hojalyk tehnikalaryny, suw arassalaýjy we üpjünçilik ulgamynyň enjamlaryny, binalaryň ýyladyş, howalandyryş we sowadyş ulgamlaryny, şeýle hem barlaghana enjamlaryny, öý hojalyk tehnikasynyň dürli görnüşlerini, ýuwujy serişdeleri öndürmek, bank, saglygy goraýyş, bilim edaralarynyň enjam üpjünçiligi ugurlarynda iş alyp barýarlar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkiýe Respublikasynyň biziň ýakyn hyzmatdaşymyz bolup durýandygyny nygtap, wise-premýere bu ýurduň eksport harytlarynyň sergisine we işewürler maslahatyna talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews