Dürli şertlerde iýmit önümlerini eltip bermek hyzmatyny gumanoid robotlary ýerine ýetirer

SalamNews

8 Noýabr, 2023

Hytaý 2025-nji ýyla çenli gumanoid robotlaryny köpçülikleýin öndürip başlamagy we 2027-nji ýylda bu pudakda öňdebaryjy halkara derejesine çykmagy meýilleşdirýär. Bu Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýasy ministrligi tarapyndan neşir edilen «Gumanoid robotlaryň innowasiýalary we ösüşi barada ýol görkeziji pikir» atly resminamada habar berildi.

Ýurduň hökümeti bu ugurda işleýän ýaş kompaniýalary ösdürmäge, pudak standartlaryny kesgitlemäge we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga kömek etmegi maksat edinýär. Mundan başga-da, şeýle robotlary öndürmek üçin 2-3 sany ýörite önümçilik zolagy dörediler. Häzirki wagtda Amerikanyň «Tesla» we «Boston Dynamics» kompaniýalary gumanoid robotlary öndürmekde öňdebaryjydyr.

Hytaý hökümeti, şeýle hem robotlarda emeli intellektiň ulanylmagyny höweslendirýändigini aýtdy we robotlar üçin adama meňzeş «beýni» we çeýe el-aýaklary döretmäge gönükdirilen has köp gözleg geçirmäge çagyrdy.

Hytaýyň gumanoid robotlary adamlar bilen aragatnaşyk saklamagy we gündelik durmuşyň ähli ugurlaryna diýen ýaly birleşmegi öwrenmeli. Hökümet, maksadyň gumanoid robotlara adamlara häzirki wagtda ýerine ýetirýän köp sanly işini, iýmit getirmekden howply şertlerde işlemegi öwretmekdigini aýdýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews