Abu-Dabidäki ada çüýşeli ýollanan habarlaryň sany boýunça Ginnesiň Rekordlar kitabyna girdi

SalamNews

17 Oktýabr, 2023

Abu-Dabidäki Saadiýat adasy çüýşeler bilen ugradylan habarlaryň sany boýunça Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada «Breaking Travel News» habar berýär.

Guramaçylar Saadiýat adasy hakynda gysga ýazgy ýazmak üçin myhmanlary Parižiň ajaýyp «Pont des Arts» köprüsinde rekordyň bellige alynmagy mynasybetli guralan dabara çagyrdylar.  

Gatnaşyjylar bu belligiň üsti bilen söýgi hakyndaky pikirlerini hem paýlaşmaga mümkinçilik aldylar. Şeýlelikde, Saadiýadyň kenaryndan her biri garaşylmadyk hem-de gyzykly ýazgylary özünde jemleýän çüýşeleriň 1100-si toplandy. Bir hepdäniň dowamynda çüýşeleriň üsti bilen ugradylan habarlar toplanyp, olar bu ýerdäki ýerli suratkeşiň «Men♥ Saadiýat» gurnamasyna — kenar klubuna jemlenildi.

Şu aksiýanyň çäginde ulanylan materiallaryň ählisi ekologiki taýdan howpsuzdyr. Bellikleri goramak üçin ulanylýan çüýşeler, gaýtadan işläp bolýan kagyzlar we sapaklar adanyň tebigy gurşawyna we ýerli haýwanat dünýäsine zyýan ýetirmeýär.  

Sylaga eýe bolan toparlaýyn kommunikasiýalar we marketing boýunça ýerine ýetiriji direktor Tagrid Al-Said şeýle belledi:

— Biz şol bir wagtyň özünde Saadiýat adasy baradaky gözýetimi giňeltmek we Abu-Dabiniň ösüşine goşant goşmak bilen, ähli myhmanlarymyza ýatdan çykmajak ýatlamalary we şatlykly pursatlary bagyşlan ajaýyp waka — Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri tarapyndan ykrar edilmegimiz mynasybetli diýseň begenýäris. Bize goşulyp, şu günki wakanyň ýatdan çykmajak çäre hökmünde taryha girmegine şärik bolanlaryň ählisine sagbolsun aýdýarys.    

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews