«Osasuna» finalda «Barselona» ýa-da «Real Madrid» bilen duşuşar

SalamNews

5 Aprel, 2023

Ispaniýanyň Şa Kubogy ýaryşynda ilkinji finalçy «Osasuna» topary boldy. Öz meýdançasynda kubogy iň köp gazanan 2-nji topar «Atletik Bilbaony» 1-0 ýeňen «Osasuna» myhmançylykda deňme-deň oýnady. Jogap oýnunda bilbaolylar 33-nji minutda Iniaki Williamsyň goly bilen öňe saýlandy. Iki oýnuň netijeleri boýunça hasap deňlenip, goşmaça 30 minut berildi. Şol 30 minudyň tamamlanmagyna 4 minut galanda, ýagny 116-njy minutda Pablo Ibanýes hasaby deňlemegi başardy. Bu gol «Osasunanyň» finala çykmagy üçin ýeterlik boldy. «Osasuna» topary 2-nji gezek finala çykyp, mundan öň 2004/2005 möwsüminde finalda «Betisden» utulypdy.

«Osasunanyň» finaldaky garşydaşy-da «Barselona» ýa-da «Real Madrid» bolar. «El Klasikonyň» 1-nji duşuşygynda «Barselona» myhmançylykda 1-0 hasabynda köne bäsdeşini ýeňipdi.

Ispaniýanyň Şa Kubogynyň finaly 6-njy maýda Sewilýa şäherindäki «La Kartuha» stadionynda oýnalar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews