Mergen Orazow garaşylan oýunçylaryň käbiriniň milli ýygyndy topara çagyrylmandygynyň sebäbini düşündirdi

SalamNews

8 Sentýabr, 2023

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Mergen Orazow Dünýä çempionaty – 2026-nyň şu ýylyň noýabrynda geçiriljek saýlama böleginiň öňüsyrasynda guraljak ýoldaşlyk duşuşyklarynda ýygyndy toparymyzyň düzümi hem-de täze pikirler baradaky teswirini paýlaşdy:

— Esasy futbolçylaryň käbiriniň şikes alandygy, olimpiýa ýygyndymyza çagyrylandygy bilen bagly oýunçylaryň ýetmezçiligi sebäpli, ýygyndy toparymyzyň düzümine täze futbolçylaryň birnäçesi çagyryldy. Emma bu ýygyndy toparymyzyň düzümine goşulmaga täze dalaşgärleri synagdan geçirmäge hem-de topary kämilleşdirmäge mümkinçilik berdi.

Biz Indoneziýanyň we Bahreýniň garşysyna geçirjek ýoldaşlyk duşuşyklarymyzyň üsti bilen saýlama oýun üçin täze pikirleri durmuşa geçirmäge çalşarys. Ýygyndy topar şol oýunda mümkin bolan netijeleriň iň ýokary görkezijisini gazanmak üçin göreşer — diýip belleýän M.Orazowyň sözlerini milli ýygyndy toparyň metbugat gullugy futbol muşdaklaryna ýetirýär.

Biz ozal Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Mergen Orazow ýygyndy toparyň ýakynda boljak duşuşyklarda çykyş etjek düzümini mälim edendigini habar beripdik. Ýygyndy toparymyzyň düzüminde Ruslan Mingazow («Kitçi», Gonkong), Wepa Jumaýew («Energetik-BDU», Belarus) we Teýmur Çaryýew («Abdyş-Ata», Gyrgyz Respublikasy) ýaly daşary ýurtlaryň çempionatlarynda çykyş edýän futbolçylarymyz hem bar.

Türkmen ýygyndysy 8-nji sentýabrda Surabaýa şäherinde Indoneziýanyň ýygyndysynyň garşysyna çykar. 12-nji sentýabrda bolsa Dubaýda Bahreýn bilen duşuşar. Bu ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisi hem Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyryna taýýarlygyň çäginde geçirilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews