Ilkinji ýarym finalçy belli boldy

SalamNews

25 Aprel, 2023

Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da pleý-off tapgyry ýokary depginde dowam edip, ýarym finala çykan ilkinji topar belli boldy. Mundan öňki 3 duşuşygynda ýeňiş gazanan «Filadelfiýa76ers» topary «Bruklin Netsi» ýeňip, 4-nji duşuşygynda-da üstünlik gazandy. 96:88 üstün çykan filadelfiýalylar umumy hasapda 4:0 öňe saýlanyp, Gündogar Konferensiýanyň ilkinji ýarym finalçysy boldular. Duşuşykda Tobias Harris 25, Jeýms Harden 17 utuk geçirip, toparynyň ýeňiş gazanmagynda uly orun eýelediler. «Atlanta Hawksdan» 3:1 öňde barýan «Boston Seltiksiň» «Filadelfiýanyň» garşysyna çykmagyna garaşylýar.

Gündogar Konferensiýada «Maýami Hit» öz meýdançasynda «Milwaki Baksy» 121:99 hasabynda ýeňip, umumy hasapda 2:1 öňe saýlandy.

Günbatar Konferensiýada hem «Los Anjeles Leýkers» öz meýdançasynda «Memfis Grizzlisden» 111:101 üstün çykdy. Duşuşykda Antoni Dewis 31, LeBron Jeýms 25 utuk geçirdi. Myhmançylykda «Los Anjeles Klippersi» 112:100 hasabynda ýeňen «Finiks Sans» topary-da ýarym finala golaýlady. Umumy hasapda 3:1 öňde barýan «Finiks Sans» 5-nji duşuşygynda ýeňiş gazansa, ýarym finala çykar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews