Ýewropanyň iň gowy ýaşlar topary belli boldy

SalamNews

3 Iyul, 2022

Trnawa şäheriniň (Slowakiýa) «Anton Malatinski» stadionynda ýaşlaryň arasynda futbol boýunça birinjiligi almak ugrunda Ýewropa çempionatynyň (U19) finaly geçirildi. Ysraýylyň we Angliýanyň toparlary Ýewropanyň iň gowy ýaşlar topary diýen ada mynasyp bolmak üçin bäsleşdiler. Jemleýji tapgyrdaky duşuşyk 3:1 hasabynda iňlisleriň peýdasyna tamamlandy.

Hasaby 40-njy minutda Oskar Gloç açdy we bu Ysraýylyň toparyny öňe saýlady, emma 52-nji minutda Kallum Doýl hasaby deňlemegi başardy. Oýun finala mynasyp derejede boldy we toparlar oýnuň esasy wagtynda biri-biriniň derwezesine top geçirip bilmediler, ýöne goşmaça berlen wagt iňlisleriň artykmaçlygy bilen geçdi we pursaty elden bermän, olar iki pökgi geçirmegi başardylar. Karni Çukwuemka 108-nji minutda öz toparyny öňe saýlady, 116-njy minutda Aaron Ramseý topy derwezeden geçirip, duşuşygy ýeňiş bilen tamamlady.

Angliýanyň ýaşlar topary 12-nji gezek Ýewropanyň çempiony boldy. Ispaniýanyň ýaşlar topary Ýewropanyň birinjiliginde 11 gezek ýeňiji bolmagy başarypdy. Ýewropa çempionatynda Angliýanyň ýygyndysyna Ian Foster ýolbaşçylyk etdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews