«Olimpiakos» UEFA Ýewropa Konferensiýa Ligasynyň çempion boldy

SalamNews

30 Maý, 2024

UEFA Ýewropa Konferensiýa Ligasynda Gresiýanyň «Olimpiakos» topary çempion bolmagy başardy. «Olimpiakos» topary finalda Italiýanyň «Fiorentina» topary bilen duşuşdy.

Gresiýanyň paýtagty Afinydaky «AEK Arena» stadionynda oýnalan duşuşyga 26 müň 842 janköýer tomaşa edip, oýunda portugaliýaly Artur Soareş Diaş jürlewük çaldy. Oýnuň esasy wagtynda hasap açylmady. Esasan hem, «Fiorentina» toparynyň oýunçylary birnäçe amatly pursatlary döretselerem, olara tapawutlanmak başartmady. Goşmaça berlen 30 minutyň ahyrlarynda, has takygy, 116-njy minutda «Olimpiakosyň» finala çykmagyna esasy goşant goşan marokkoly hüjümçi Aýub El-Kaabi hasaby açdy. Galan minutlarda-da «Fiorentina» toparyna jogap bermek başartmady. Netijede, goşmaça wagtda 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan «Olimpiakos» topary taryhynda ilkinji gezek UEFA-nyň ýaryşlarynda ýeňiji boldy. Umumylykda, «Olimpiakos» UEFA-nyň klub bäsleşiklerinde kubok gazanan ilkinji grek topary hökmünde hasaba alyndy. Gresiýa UEFA-nyň klub ýaryşlarynda kubok gazanan 18-nji ýurt boldy.

Mundan öň Gresiýanyň futboly UEFA-nyň dürli ýaryşlarynda 2 gezek ýeňiş gazanypdy. Şolaryň ilkinjisi 2004-nji ýylda Gresiýanyň ýygyndysynyň Ýewropa çempionlygy, şeýle-de, şu möwsümde aprel aýynda «Olimpiakosyň» ýaşlar düzümi UEFA Ýaşlar Ligasynda gazanan ýeňşidir.

Toparyň tälimçisi, ispaniýaly hünärmen Hoze Luis Mendilibar geçen ýylky «Sewilýa» bilen Ýewropa Ligasyndan soň, Ýewropa Konferensiýa Ligasynda-da çempionlyk gazanyp, bassyr 2-nji gezek UEFA-nyň ýaryşlarynda kuboga mynasyp boldy.

Grek klubunyň marokkoly ýyldyzy El-Kaabi ýaryşda 11 gol geçirip, iň köp tapawutlananlaryň sanawynda 1-nji orny eýeledi. El-Kaabi UEFA-nyň klub ýaryşlarynda pleý-off tapgyrynda bir möwsümde iň köp gol geçiren futbolçy bolup, bu babatda Kriştianu Ronaldu, Karim Benzema, Radamel Falkao dagydan öňe saýlandy.

«Fiorentina» topary bolsa 3-nji gezek geçirilýän ýaryşda yzly-yzyna 2-nji finalynda ýeňlişe sezewar boldy. Italýan kluby geçen möwsümde Angliýanyň «West Ham» toparyndan 2-1 hasabynda utulypdy. Ilkinji gezek 2021/22 möwsüminde geçirilen ýaryşda Italiýanyň başga bir topary «Roma» finalda «Feýenordy» ýeňip, Konferensiýa Ligasynyň ilkinji çempiony adyny alypdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews