2024-nji ýylda «Merkezi Aziýa - ÝB» ministrliginiň ýubileý duşuşygy Türkmenistanda geçiriler

SalamNews

2024-nji ýylda «Merkezi Aziýa - ÝB» ministrliginiň indiki ýubileý duşuşygynyň Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu 23-nji oktýabrynda Lýuksemburgda geçirilen «Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi» atly 19-njy ministrler duşuşygynda biragyzdan goldanyldy diýip, mfa.gov.tm habar berdi.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goramagyň ähmiýetini nygtady. Şu nukdaýnazardan daşary syýasy edaranyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde global howpsuzlyk Strategiýasyny işläp düzmek baradaky teklibine aýratyn ünsi çekdi. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy meselesinde durup geçip, bu ugurda ýewropaly hyzmatdaşlar bilen mundan beýläk-de işleşmegiň möhümdigini nygtady.

Merkezi Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän täze ulag baglanyşyklary döretmegiň möhüm ornuny belläp, R.Meredow Hazar deňzi - Gara deňiz ýoluny ösdürmek üçin köptaraplaýyn tagallalara aýratyn ünsi çekdi. Ulag aragatnaşygyny mundan beýläk has hem berkitmek maksady bilen 2024-nji ýylda Türkmenistanda ýokary derejeli duşuşyk geçirmek teklip edildi.

Duşuşygyň dowamynda hazarüsti gazgeçirijisi arkaly Ýewropa gaz eksportyny giňeltmäge hem-de ekologiki taýdan arassa we gaýtadan dikeldilýän energiýa pudaklarynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan daşary syýasy edaranyň ýolbaşçysy, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan tarapyndan başy başlanan iki rezolýusiýany ýagny, durnukly ulag we energiýa çeşmeleriniň hereketi baradaky kararlaryny goldamaga çagyrdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews