Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana resmi sapary yza süýşürildi

SalamNews

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň enesi Ogulabat ejäniň aradan çykandygy sebäpli Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary yza süýşürildi. Bu barada Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanyp, asiaplustj.info habar berýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň dostlukly döwlete resmi sapary 10-11-nji aprelde meýilleşdirilýärdi.

Şu gün — 8-nji aprelde meýilleşdirilen Türkmenistanyň we Täjigistanyň Işewürlik geňeşiniň birinji mejlisi, 9-njy aprelde meýilleşdirilen Türkmen-täjik işewürlik forumy hem ýatyryldy.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa gynanç hatyny ýollady.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews