Milliona degýän ýekeje surat: Aýyň haýran galdyryjy görnüşi

SalamNews

29 Dekabr, 2023

Ýokardaky suraty 15-nji dekabrda italýan suratçysy Walerio Minato düşürdi. Şuňa meňzeş suratlar köp taýýarlygy talap edýär we açyk asmany düşürmek üçin iň göwnejaý ýerleri kesgitlemek zerur.

Bu suratda uly Aý Monwizo dagynyň (Italiýa) göni aňyrsynda ýerleşýär. Onuň öňündäki giňişlige bolsa Superga bazilika gurluşynyň kölegesi düşýär. Bu katolik buthanasy Turiniň demirgazyk gündogarynda ýerleşip, deňiz derejesinden 672 metr belentlikdäki depäniň üstünde gurlupdyr.  

«Orak görnüşinde uzak wagtlap saklanmagy netijesinde ýaşyp barýan aýyň tutulmasy emele geldi. Onuň Da Winçi diýlip atlandyrylýan şöhlesiniň Zemine düşmegi bilen, Ýerden şöhlelenýän ýagtylyk binany ýagtylandyrýar» — diýip, «NASA-nyň» bilermenleri düşündirýärler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews