PSŽ ýene-de 3 futbolçyny düzümine goşdy

SalamNews

10 Iyul, 2023

Fransiýanyň çempiony PSŽ soňky günlerde transferiň iň esasy toparlarynyň birine öwrüldi. Luis Enrikeni tälimçilige bellän parižliler sloweniýaly Milan Şkriniar bilen ispaniýaly Marko Asensiony tölegsiz düzümlerine goşupdy.

Klub bu iki transferden soň 3 futbolçyny düzümine goşdy. PSŽ kluby anna güni «Sporting» toparyndan urugwaýly ýarymgoragçy Manuel Ugarteni 60 million ýewro transfer edip, 22 ýaşyndaky oýunçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Bu transferden soňam PSŽ-den yzly-yzyna 2 futbolçyny düzüme goşulandygynyň habary gelip gowuşdy. PSŽ-liler ilki «Malýorkada» çykyş edýän Günorta koreýaly Li Kan Ini transfer etdi. PSŽ-liler 22 ýaşyndaky ýarymgoragçy üçin ispan klubuna 22 million ýewro tölär. Kan In parižliler bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Geçen möwsümde «Malýorkada» 39 oýunda 6 gol geçiren Kan In PSŽ-de çykyş etjek ilkinji koreýaly futbolçy bolar. Kan In PSŽ-de 19-njy belgili köýnekçäni geýer.  

PSŽ-niň ýene bir transferi-de ozaldanam metbugatda parižlileriň düzümine goşuljakdygy beýan edilen Lukas Hernandes boldy. PSŽ topary «Bawariýanyň» 27 ýaşyndaky çep gyraky goragçysyny 50 million ýewro transfer edip, oýunçy bilenem 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. «Bawariýa» Hernandesi 2019-njy ýylda «Atletikodan» 80 million ýewro transfer edipdi. Lukas Hernandes «Bawariýada» 4 möwsümde 107 oýunda meýdança çykdy. PSŽ-de 21-nji belgide oýnajak Hernandes Katardaky Dünýä Kubogynda agyr şikes alyp, möwsüm tamamlanýança meýdança çykyp bilmändi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews