Ýakynda bilelikdäki türkmen-emirlikler toparynyň mejlisi geçiriler

SalamNews

16-njy maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BAE-niň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Ali Al Saýeginiň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykandygy zerarly, çuňňur gynanjyny beýan etdi.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, taraplar halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde konstruktiw özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň möhümdigini tassykladylar we syýasy geňeşmeleri yzygiderli esasda geçirmegiň wajyp ähmiýete eýedigini bellediler.

Şeýle-de iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garadylar. Diplomatlar bu duşuşygyň, hususan-da, dokma senagaty, maýa goýumlar, nebitgaz pudagy, energetika, daşky gurşaw we azyk howpsuzlygy, bilim, ylym we medeniýet ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrjakdygyna umyt bildirdiler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews