Balkan welaýatynyň ilatyna täze ýolagçy awtobuslarynyň ýene 200-si hyzmat eder

SalamNews

1

Mukaddes Gurban baýramynyň öňüsyrasyndaky günlerde Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary şatlykly wakanyň şaýady boldular. Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelip, gallaçy daýhanlar bilen duşuşmagy hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine täze, döwrebap awtoulaglaryň 200-sini sowgat hökmünde gowşurmagy ýatdan çykmajak ajaýyp wakalara öwrüldi.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, döwrebap awtoulaglaryň gelip gowuşmagy mynasybetli Balkanabat şäherindäki awtomenzilde aýdym-sazly dabara geçirildi. Täze ulaglaryň garşylanyş dabarasynda milli däp-dessurlarymyz berjaý edildi. Bu ýerde çykyş eden il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, önümçilik birleşiginiň baýry işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň wekilleri halkymyzyň ýaşaýyşdurmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak babatda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler. Welaýatyň sungat ussatlarynyň, folklor-tans toparlarynyň, talyp ýaşlaryň joşgunly çykyşlary bu ýere gelenleriň buýsançly kalplaryny joşdurdy. Ýaponiýanyň önümi bolan täze ulaglar «Toyota Coaster» kysymly orta synply, «Toyota Hiace» kysymly kiçi synply awtobuslardyr. Täze ulaglar şäherara we şäherýaka ugurlar, şeýle hem etrap merkezleridir şäherlerden dürli uzaklykda ýerleşýän obalar boýunça ýolagçylara hyzmat edip başlady. Ilkinji ýolagçylary degişli menzillerine tarap alyp barýan täze awtoulaglaryň sürüjilerine ak ýol arzuw edildi. — Önümçilik birleşiginiň döwrebap awtomenziliniň işe girizileninden bäri geçen wagtyň dowamynda awtobuslaryň we taksi ulaglarynyň üsti yzygiderli ýetirilýär. Birleşigimize hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy bolan täze, häzirki zaman ülňülerine doly laýyk gelýän awtoulaglaryň birbada 200-siniň gelip gowuşmagy welaýatymyzyň ýaşaýjylarynda aýratyn hoşallyk döretdi. 2023-nji ýylda öndürilen bu döwrebap ulaglary ýolagçy awtomenzilimizde çäksiz buýsanç bilen garşyladyk. Ulaglaryň ilkinji ýolagçylary bolan ildeşlerimiz olarda rahatlygyň göz öňünde tutulandygyny, ähli amatly şertleriň döredilendigini aýdýarlar — diýip, «Balkanawtoulag» önümçilik birleşiginiň baş inženeri Döwrangeldi Allaýarow gürrüň berdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews