Adamlaryň eşidiş ukybyny gowulandyrmak boýunça bejerginiň täze ugry tapyldy

SalamNews

15 Oktýabr, 2023

Bazel uniwersitetiniň alymlary eşidiş ukybyňy ýitirmezligiň bejergisiniň täze ugruny hödürlediler. Onuň netijeleri «iScience» žurnalynda çap edildi.

Topar öz işini ukybyny ýaşyň ulalmagy bilen ýitirýän eşidiş duýgusynyň öýjükleriniň işi boýunça tolkun ýollaryna gönükdirdi. Elbetde, häzirki wagtda bu ugurda bejergi bermegiň ýeke-täk ugry eşidiş apparaty ýa-da impant bolup biler.

Alternatiw bejeriş ugruny esaslandyrmak bolsa öz işini ýokary derejede ýerine ýetirýän eşidiş öýjüklerini talap edýär. Şol sebäpden hem, indi hünärmenler öýjükleriň ösüşini we sitoskeletini kadalaşdyrýan mTORC2 tolkun ýoly boýunça bejergini öňe sürýärler.

Syçanlarda geçirilen synagyň barşynda gulagyň içki tüýli öýjüklerindäki mTORC2 esasy gen aýryldy. Netijede syçan 12 hepdeläp eşidiş ukybyny doly ýitirdi. Şunlukda, bu ugur boýunça bejergi bermegiň geljekki usulyýeti şol mTORC2 eşidiş tolkunlaryny dikeltmek bilen bagly bolar. Bu işi derman serişdeleriniň üsti bilen ýa-da gen terapiýasy arkaly durmuşa geçirip bolar.     

Şu ýylyň awgustynda Argentinadan bolan hünärmenler ýaşyň ulalmagy bilen eşidiş ukybyňy ýitirmegiňi içki gulakdaky holesteriniň derejesiniň peselmegi bilen düşündirdiler we fitosterol goşundylaryny özünde jemleýän iýmitleri kabul etmek arkaly onuň öňüni alyp boljakdygy hakyndaky netijäni tassykladylar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews