Ýaş terjimeçileriň arasynda bäsleşik yglan edildi

SalamNews

9 Maý, 2023

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýeti hem-de «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde ýaş terjimeçileriň arasynda «Köňülleri birleşdirýän sungat» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirenler dünýäde meşhur ýazyjy-şahyrlaryň kyssa eserlerinden, poemasyndan ýa-da goşgusyndan bir parçany türkmen diline terjime edip, «Köňülleri birleşdirýän sungat» diýen ýazgy bilen 2023-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli bäsleşige hödürläp bilerler. Has tapawutly terjime edilen eserler «Dünýä edebiýaty» žurnalynda çap ediler.

Şeýle-de gatnaşyjylar özleri baradaky maglumatlary (maglumatnamany, pasportynyň nusgasyny, 3x4 ölçegdäki fotosuratyny, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysyny, telefon belgilerini) «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň dunyaedebiyaty@sanly.tm elektron salgysyna ugratmaly.

Bäsleşigiň jemleri Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 2023-nji ýylyň dekabr aýynda jemlener. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan işler üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar. Bäsleşige ýaşy 35-e çenli bolan ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Ýeri gelende bellesek, «Köňülleri birleşdirýän sungat» atly ýaş terjimeçileriň arasynda döredijilik bäsleşigi geçen, 2022-nji ýylda hem yglan edilipdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews