Messiniň täze tälimçisi belli boldy

SalamNews

29 Iýun, 2023

Argentinaly super ýyldyz Lionel Messiniň täze kluby «Inter Maýaminiň» täze tälimçisi belli boldy. Fil Nýuwelli wezipesinden boşadan klub onuň ornuna argentina Heraro Tata Martino bilen şertnama baglaşdy. 60 ýaşyndaky tälimçi öň «Barselona» toparyna, şol sanda Argentinanyň ýygyndysyna tälim beripdi. Başgaça aýdylanda, ol Lionel Messi bilen 3-nji, Serhio Buskets bilen 2-nji gezek bilelikde işleşer. Martino 2018-nji ýylda «Atlanta» topary bilen MLS-de çempionlyk hem gazanypdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews