Hytaý ýolagçy uçarlarynyň ählumumy bazaryna aralaşýar

SalamNews

16 Maý, 2022

Döwletiň eýeçiligindäki Hytaý täjirçilik uçar kompaniýasyndan («COMAC») berlen beýanata görä, bu şereketde işlenilip taýýarlanan «C919» görnüşli ýolagçy uçarynyň 3 sagatlyk deslapky synag uçuşy Şanhaýyň Pudong howa menzilinde amala aşyryldy.

«Beýanatda uçaryň synag wagtynda ähli wezipeleri üstünlikli amala aşyrandygy, mümkinçilikleriniň we umumy ýagdaýynyň gowudygy nygtalýar» diýip, www.bloomberght.com ýazýar.

«Boeing 737» we «Airbus 320» uçarlarynyň ekwiwalenti hökmünde işlenip düzülen bir dälizli bu ýolagçy uçarlarynyň 5-isi üstümizdäki ýylda «China Eastern» howaýollary kompaniýasyna gowşurylar. «China Eastern» 2021-nji ýylyň mart aýynda gol çekilen şertnama esasynda, bu uçarlaryň her birini 99 million dollara satyn almak üçin «COMAC» bilen ylalaşyk gazanypdy.

«China Eastern» täze uçarlary Şanhaýdaky Pudong howa menzilinden Pekin, Guangçou, Sinszýan we Çingdu şäherlerine amala aşyryljak içerki uçuşlar üçin ulanmagy meýilleşdirýär.

«COMAC»  şu güne çenli 28 awiakompaniýadan jemi 815 uçaryň önümçiligi üçin sargyt alandyklaryny nygtaýar.

Dünýäde raýat awiasiýasy pudagynda uçarlaryň iň köp ulanylýan görnüşi bolan «orta uzaklyga» uçýan ýolagçy uçarlarynyň bazara çykarylmagy netijesinde, ABŞ-nyň «Boeinginiň» we ýewropaly «Airbus» şereketiniň «hökümdarlygyndaky» ýolagçy uçarlarynyň ählumumy  bazarynda Hytaýyň-da öz ornuny eýeläp biljekdigi aýdylýar.

 

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews